Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Amanmuhammet Hommadow ilkinji gezek küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

FIDE-niň 19 ýaşly ussady Amanmuhammet Hommadow Aşgabatda on günüň dowamynda geçirilen ýokary liganyň ýaryşynda ýeňiş gazanyp, küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby bu üstünlige açyk kategoriýada birinjiligi eýeläp, ilkinji gezek mynasyp boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Saýlama ýaryşlarynyň tapgyryndan geçen 8 sany iň güýçli küştçi iki aýlawda çempionlyk ugrunda bäsleşdi.

Amanmuhammet Hommadow bütin çempionatyň dowamynda durnukly we netijeli oýun görkezdi hem-de 14 tapgyrda 11 utuk toplap, ýurdumyzyň çempiony diýen ady eýeledi. Ondan 1,5 utuk yza galan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 3-nji ýyl talyby, geçen ýylky ýurdumyzyň çempiony Wepaly Halynyýazow ikinji boldy.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew yzygiderli ikinji ýyl bürünç baýraga mynasyp boldy. Ol 8,5 utuk toplap, goşmaça görkezijiler boýunça Lebap welaýatynyň 26-njy mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Ilhan Çaryýewden (görkezijisi – 2187) öňe geçdi. Ilhan hem özüni mynasyp görkezip, taýýarlygynyň ýokary derejesini tassyklady.

Ýokary liganyň netijeleri boýunça şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzümi kemala getirildi.

Erkekler toparyna şu çempionatyň üç baýrakçysyndan – A.Hommadowdan, W.Halynyýazowdan we Ş.Turaýewden başga-da, reýting görkezijileri boýunça öňdäki orunlary eýeleýän halkara grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew dagy girdi. Ýylyň esasy toparlaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysyna 2026-njy ýylyň ýokary ligasynyň netijeleri boýunça iň gowy dört küştçi – Läle Şöhradowa, Jahan Rejepowa, Mähri Agamyradowa, Ogulsuraý Baýrambaýewa hem-de toparymyzda iň ýokary FIDE-niň görkezijisine eýe bolan Leýla Şöhradowa wekilçilik ederler. Leýla öz görkezijisi bilen şu ýyl erkekleriň arasyndaky açyk kategoriýada çykyş etmäge hukuk gazandy.