Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

2026-njy ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň erkekleriň düzümi kesgitlenildi

2 – 11-nji fewral aralygynda Aşgabatda ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleriniň sekizisi iki aýlawda geçiriljek çempionlyk ugrundaky we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna girmek ugrundaky bäsleşige gatnaşarlar. Erkekleriň arasynda küşt täji ugrundaky dalaşgärleriň düzümi Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilen Birinji liganyň ýaryşynyň netijeleri boýunça belli boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Ýokary liga çykmak üçin berilýän bäş ýollanma ugrunda 54 küştçi şweýsar ulgamy boýunça 11 tapgyrda özara bäsleşdi. Guramaçylar ähli gatnaşyjylar, şol sanda görüş ukyby pes türgenler üçin hem amatly we deň şertli gurşawy üpjün etdiler.

Erkekleriň we aýry-aýry zenanlaryň gatnaşmagyndaky açyk toparda Lebap welaýatynyň küşt mekdebiniň wekilleri uly üstünlik gazanyp, sanawyň ýokarky basgançaklaryny eýelediler. Ýaryşyň esasy ýyldyza öwrülen 16 ýaşly Gurbanmyrat Rüstemow (FIDE-niň görkezijisi – 2036) 9 utuk toplap, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna galdy. Ol Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Şahruh Turaýew we zenanlar ýygyndysynyň öňbaşçysy Lala Şöhradowa ýaly tejribeli küştçüleri ýeňmegi başardy. G.Rüstemow Lebap welaýatynyň küşt mekdebiniň okuwçysy, eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna öňbaşçylaryň düzüminde çykyş etmäge hukuk gazanan 18 ýaşly Ilhan Çaryýewden (FIDE-niň görkezijisi – 2086) ýarym utuk öňe saýlandy.

Baýrakly üçünji orny 8 utuk bilen Şahruh Turaýew (FIDE-niň görkezijisi – 2198) eýeledi. Ýaryşyň agramly böleginde milli ýygyndysynyň baş tälimçisi öňdeligi saklap gelen hem bolsa, soňky tapgyrda goýberilen ýalňyşlyklar ony üçünji orna düşürdi. Şuňa garamazdan, Ş.Turaýew Ýokary liganyň medallaryna esasy dalaşgärleriň biri hökmünde galýar.

Şeýle hem Ýokary liga küşt äleminiň 72 ýaşly tejribeli wekili, halkara ussady Karen Grigorýan (FIDE-niň görkezijisi – 2225) we Leýla Şöhradowa (FIDE-niň görkezijisi – 2174) geçmegi başardylar. Olar goşmaça görkezijiler boýunça degişlilikde 4-nji we 5-nji orunlary eýelediler.

Erkekleriň düzümine Birinji liganyň bäş sany iň güýçli küştçülerine beýleki saýlama ýaryşlaryň üsti bilen ýollanma alan üç türgen goşular. Bu hukuga Ýokary liganyň 2025-nji ýyldaky häzirki çempiony Wepaly Halynýazow (FIDE-niň görkezijisi – 2194), Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogynyň eýesi Ahmet Gubataýew (FIDE-niň görkezijisi – 2176) we Gran-pri ýaryşynyň ýeňijisi Amanmuhammet Hommadow (FIDE-niň görkezijisi – 2268) mynasyp boldular.

2026-njy ýylyň küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň netijeleri esasynda, şu ýylyň sentýabr aýynda Samarkantda (Özbegistan) geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşjak erkekler ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlener.