Küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň Awazada geçirilen Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry oňa gatnaşyjylaryň 138-sini bir ýere jemledi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Ýaryş ilkinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekund goşmak bilen, her oýunça her döw üçin 90 minut wagt berilýän şweýsar usulynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Ýaryş halkara FIDE görkezijisini hasaplamak bilen geçdi.
Görkezijisini ýokarlandyrmak hem-de ýylyň esasy ýaryşyna gatnaşmak üçin hukuga eýe bolmak ugrunda açyk toparda 95 we zenanlaryň toparynda 43 küştçi bäsleşdiler.
Erkekler bilen deň hatarda zenanlar hem gatnaşdyrylýan açyk toparda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Mergen Kakabaýew birinji orny eýeledi. Ol geçirilen 9 döwlerde Lebabyň küştçüleri Şageldi Gurbandurdyýewden we Sanjar Gaýbullaýewden ýarym utuk öňe saýlanyp, 7,5 utuk toplady. Lebap welaýatynyň küştçüleri degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Zenanlaryň toparynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dil taýýarlygy fakultetiniň talyby Leýla Şöhradowa hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ol häzirki Gran-pri ýaryşynyň Balkan welaýat tapgyryna çenli Daşoguz welaýat tapgyrynda mümkin bolan iň ýokary utuk möçberi bolan 9 utukdan 9-syny-da toplap hem-de Mary welaýat tapgyrynda 8,5 utuk netije gazanmak bilen ýeňiş gazandy. Bu gezek oňa ýeňiş üçin 8 utuk hem ýeterlik boldy.
Ikinji orny 7 utugy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ogulsuraý Baýrambaýewa eýeledi. Şonça möçberdäki utugy «Küşt Älemi» akademiýasyndan Nurana Söýünowa hem toplady, ýöne, goşmaça görkezijiler boýunça ol üçünji orna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan döredilen küşt boýunça «Gran-pri 2025» atly ýaryşy şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär. Ýaryşyň bu görnüşi final tapgyryna gatnaşjak 16 küştçüleri belli etmek üçin welaýatlaryň hersinde bir, jemi – bäş tapgyryň geçirilmegini özünde jemleýär. Jemleýji, final tapgyr 13 – 21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda geçiriler.
Açyk we zenanlaryň toparyndaky ýaryşlaryň final tapgyrynyň ýeňijileri 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Ýokary ligasyna göni ýollanmalary alarlar.