Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň çäginde Kataryň «Al-Ahli» topary bilen deňme-deň oýnady

«Arkadag» toparynyň futbolçylary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň çäginde Kataryň «Al-Ahli» topary bilen bolan duşuşykda ýeňlişden sowlup, ikinji ýarymyň goşmaça wagtynyň birinji minudynda 2:2 hasabynda deňligi çekmegi başardylar.

Duşuşyk Dohada «Al-Tumama» stadionynda geçirildi.

«Al-Ahli» toparynyň düzüminde Mateý Mitrowiç (41-nji minutda) we Mişel Wlap (56-njy minutda) tapawutlandylar. «Arkadag» toparynda bolsa gollary Baýram Ataýew (79-njy minutda), Mekan Saparow (90+1-nji minutda) geçirdi.

«B» toparçanyň beýleki duşuşygynda Özbegistanyň «Andijon» topary ýerli «Bobur Arena» stadionynda 6940 tomaşaçynyň gatnaşmagynda Bahreýniň «Al-Haldiýa» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Üç aýlawdan soň bu toparçada «Al-Haldiýa» topary 5 utuk bilen öňde barýar. «Al-Ahli» we «Andijon» toparlarynyň her haýsysynda 3 utuk bar. Ýaryş tertibini 2 utuk bilen «Arkadag» topary jemleýär.

Dördünji aýlawyň jogap duşuşyklary «Arkadag» – «Al-Ahli» we «Al-Haldiýa» – «Andijon» toparlarynyň arasynda 5-nji noýabrda geçiriler.