Türkmenistanyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparyny 1:0 hasabynda, ýagny iň pes tapawut bilen ýeňip, 2025/26 möwsüminiň AFK-nyň Çagyryş ligasyna badalga berdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Duşuşyk Butanyň paýtagty Thimphu şäherinde, Günbatar zolagyň «A» toparçanyň çäklerinde merkezleşdirilen görnüşde geçirilýär. Bu toparçada şeýle-de Butanyň «Paro» we Omanyň «Al-Şabab» toparlary çärýek finala çykmak ugrunda bäsleşýärler.
53-nji minutda goragçy Hristiýan Brauzman pökgi bilen gaçyp barýan Myrat Annaýewe garşy düzgün bozandygy üçin gyzyl kart alyp, «Abdyş-Ata» topary azlykda galdy. San taýdan artykmaçlygyndan peýdalanyp, «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary oýnuň gidişini öz gözegçiligine aldylar we final jürlewügine çenli başlangyjy elden bermediler.
Köp wagt geçmänkä, «Abdyş-Ata» toparynyň braziliýaly legioneri L.Barretto duşuşygyň ykbalyny çözen ýalňyşlyga ýol berdi. 58-nji minutda ol seretmezden öz derwezebanyna topy yzyna oýnamak isledi. Ýöne munuň deregine, pökgi Myrat Annaýewe ýetdi, ol hem bu pursatdan peýdalanyp, derwezeban Sultan Çomoýewi geçdi we jerime meýdançasynyň çäginden boş derwezä topy saldy.
«A» toparçanyň beýleki duşuşygynda Omanyň «Al-Şabab» topary hem 1:0 hasabynda Butanyň «Paro» toparyny ýeňdi. 26-njy minutda jerime urgysy bilen Kenean Markin ýeňiş goluny saldy.
Şeýlelikde, birinji tapgyrdan soň 3 utuk bilen «Altyn asyr» we «Al-Şabab» toparlary öňdäki orunlary eýelediler. «Abdyş-Ata» we «Paro» toparlarynda entek utuk ýok.
2-nji tapgyryň duşuşyklarynda «Altyn asyr» topary «Paro» topary bilen, «Al-Şabab» topary bolsa «Abdyş-Ata» topary bilen duşuşar.
2025/26 möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kubogy ugrunda jemi 20 topar bäsleşýär. Olar geografik taýdan 2 zolaga – Günbatar we Gündogar zolaklaryna bölünen. Bäş toparçadaky duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşde geçirilýär, onda her topar öz garşydaşlary bilen bir gezek duşuşýar.
Toparçalaýyn tapgyrynyň netijeleri boýunça çärýek finala sekiz topar çykar: Günbatar zolagynda üç toparçanyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň arasynda iň gowusy, şeýle-de Gündogar zolagynda her toparçadan iň gowy iki topar.
Utulan çykdy duşuşyklary myhmançylykda we öz meýdançasynda geçiriler. Çärýek final duşuşyklary 2026-njy ýylyň mart aýynda, ýarym finallar aprel aýynda, final bolsa 2026-njy ýylyň 9-njy maýyna meýilleşdirilýär.
Ýaryşyň öňki möwsüminde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýeňijisi Türkmenistanyň häzirki çempiony «Arkadag» boldy.