2025-nji Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 23-nji oktýabrynda nobatdaky geçirilýän “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çärelerine badalga berildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçirilen “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy atly” XV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 12-nji noýabrynda çykaran «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryny guramagyň we geçirmegiň meseleleri hakyndaky 10698 belgili kararyna laýyklykda, her ýyl yzygiderli geçirilýän bu sport çäresi başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak bilen bir hatarda sportuň belent ösüşlere utgaşýandygyny äşgär edýär. Sport dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň esasy guraly bolup durýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän bu sport ýaryşlary ýaşlaryň arasynda dost-doganlyga, watana bolan söýgini, maksada okgunlygy terbiýeleýär, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirýär.
Talyplaryň arasynda geçirilýän «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Uniwersiadasynyň sport ýaryşlarynyň badalga berilmegine bagyşlanan dabara özboluşly sport baýramçylygyna öwrüldi. Bu dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige uly üns berýänligi üçin hoşallyk bildirdiler. Dabarada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň döredijilik toparlarynyň şowhunly aýdym-saz çykyşlary hem-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýaş türgenleriniň sportuň görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary dabarany has-da şatly-şowhuna besledi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygynyň orunbasary R.Samatow