Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çäklerinde oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça ýaryş geçirildi.
Örän çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde oglanlaryň hem gyzlaryň arasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty ýeňiji boldy. Bu üstünlige Serdar Seýitmyradow, Amanmuhammet Hommadow, Ogulsuraý Baýrambaýewa we Jeren Ibragimowa mynasyp goşantlaryny goşdular.
Gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda 2-nji orny Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty, 3-nji orna Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti mynasyp boldy.
Talyp gyzlaryň arasynda geçen ýaryşda 1-nji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, 2-nji orny Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, 3-nji orny Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyp gyzlary eýelediler.
Jennet SUWHANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.