Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bedenterbiýe we sport babatda geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Ganje şäherinde Garaşsyz döwletleriň Arkalaşygyna  gatnaşyjy döwletleriň bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde taraplar GDA agza ýurtlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda 2021-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2026-njy ýyllar üçin Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, Aşgabat şäheriniň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan 2024-2025-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň çäklerinde alnyp barlan işler, şeýle hem 2025-nji ýylyň dowamynda sportuň görnüşleri boýunça GDA-nyň çempionatlarynyň geçirilişi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ýurtlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, mejlisiň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň türgenleriniň arasynda geçirilýän III sport oýunlarynyň guramaçylygynyň aýratynlyklary barada gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň  III sport oýunlary Azerbaýjan Respublikasynyň Ganje şäherinde geçirilýär. Bu oýunlara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň gatnaşmagy türkmen sportunyň ösüşinde möhüm ädim bolup, ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar.

 

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenerbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy G.Garýagdyýew