Türkmen türgenler 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Genje şäherindäki stadionynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) ýurtlarynyň III oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu toplumlaýyn ýaryşlar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň – Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan arasyndaky sport gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. GDA ýurtlarynyň I oýunlary 2021-nji ýylda Russiýa Federasiýanyň Kazan şäherinde, II oýunlary bolsa 2023-nji ýylda Belarus Respublikasynyň 11 şäherlerinde geçirilipdi.
Şu ýyl GDA ýurtlarynyň oýunlary gatnaşyjylaryň geografiýasyny ep-esli giňeltdi: ýaryşlara Kuba, Kuweýt, Pakistan, Oman we Türkiýe ýaly döwletlerden hem türgenler goşuldylar. Jemi 13 ýurtdan 23 ýaşa çenli 1624 türgen oýunlara bellige alnyp, olar 8-nji oktýabra çenli sportuň 23 ugry boýunça 246 baýrakly ýerleri alarlar.
Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň düzümine 56 adam, şol sanda 36 türgen girdi. Olar 3x3 basketbol, boks, sport göreşi (erkin we grek-rim), karate, suwda ýüzmek, ok atyş we taekwondo görnüşleri boýunça çykyş ederler.
GDA ýurtlarynyň III oýunlaryň ýaryşlary Azerbaýjanyň Genje, Ýewlah, Mingäçewir, Gabala, Şeki, Göýgöl we Hankendi ýaly ýedi sany şäherlerindäki 12 sany sport toplumlarynda geçiriler.
Oýunlaryň dabaraly açylyşyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşyp, oýunlara badalga berdi.
Mundan başga-da, stadionyň meýdançasyndan gatnaşyjy ýurtlaryň her biriniň wekiliýetleri geçdi. Türkmenistanyň baýdagyny tribunalaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda taekwondoçy Azym Maksadow alyp geçdi.
GDA ýurtlarynyň oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy türkmen sportunyň ösüşinde möhüm ädim bolup, ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklaýar.