Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli maksatnamalarymyz, toplumlaýyn özgertmelerimiz üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bedenterbiýe mugallymlary üçin bedenterbiýe sapagyny okatmagyň usuly gollanmalaryny, okuwdan daşary geçirilýän köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň guramaçylygyny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, bilim ulgamynda zähmet çekýän bedenterbiýe mugallymlary bilen usuly maslahatlar geçirildi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýokary guramaçylykly geçirilen maslahatlarda ýaş nesilleri Watana wepaly, zähmetsöýer, sagdyn we ruhubelent terbiýeläp ýetişdirmekde bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti, sport mekdepleri bilen umumy bilim berýän orta mekdepleriň ysnyşykly işjeňlikleriniň netijesinde gazanyljak üstünlikler, sagdyn durmuş ýörelgesini, fiziki işjeňligi ýaşlaryň durmuşyna giňden ornaşdyrmagyň wajyplygy barada gürrüň edildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň degişli buýruklary bilen “Ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda okuwdan daşary köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini guramak boýunça Gözükdiriji” tassyklanyldy. Ýaş nesilleriň, çagalaryň okuwdan boş wagtlaryny mekdep sporty bilen meşgullanmaga sarp etmegini guramak, mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek hem-de umumybilim berýän edaralarynda bedenterbiýe we sport işlerini kämilleşdirmek bilen olary ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralaryna çekmek we ýokary üstünlikler sportuna gönükdirmek, şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän sport mekdepleriniň tälimçi-mugallymlarynyň orta mekdeplerdäki bedenterbiýe mugallymlary bilen ysnyşykly işläp, sporta höwesli çagalaryň sport bilen meşgullanmaklaryny goldamak resminamanyň esasy maksady bolup durýar. Şeýle-de, ýurdumyzda bedenterbiýe babatda işleri alyp barmak hem-de okuwdan daşary köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmek boýunça usulyýet toparlary döredildi. Toparyň esasy wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bedenterbiýe mugallymlary üçin bedenterbiýe sapagyny okatmagyň usuly gollanmalaryny, okuwdan daşary geçirilýän köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň guramaçylygyny yzygiderli kämilleşdirmekden ybaratdyr. Maslahatda edilen çykyşlarda hem bular dogrusynda aýratyn bellenildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, maslahatyň dowamynda baýry mugallymlaryň baý tejribelerinden beren gürrüňleri, şeýle hem usuly maslahatlar ýaş nesilleri terbiýelemekde, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesini artdyrmakda giňden ýardam berer.
Maslahatyň soňunda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda bedenterbiýe we sagaldyş hereketiniň hem-de sportuň ösdürilmeginde ähmiýetli işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygynyň orunbasary Rahat Samatow.