Türkiýäniň Kappadokiý şäherinde geçirilen halkara küşt ýaryşynda 39 ýaşly türkmenistanly halkara grossmeýster Meýlis Annaberdiýew kümüş medala eýe boldy. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bäsleşik Şweýsariýa ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Oňa 10 ýurduň 78 küştçüsi gatnaşdy. Olaryň arasynda 3 halkara grossmeýster, 10 halkara ussady we 11 FIDE ussady bar.
Meýlis Annaberdiýew 6,5 utuk toplap, ikinji orny eýeledi, birinji orna Eýranyň halkara ussady Seýed Kian Purmosawi çykdy. Üçünji orny bolsa Peru döwletinden gelen halkara ussady Diego Rodri Flores Killýas eýeledi.