Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly dzýudoçy gyz Gazagystanda ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medala mynasyp boldy

15 ýaşly türkmen dzýudoçysy Käkilik Derýaýewa Almaty şäherinde ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy bu üstünlige 5 ýurtdan gelen 25 türgeniň bäsleşen 48 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen ýaryşda ýetdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Käkilik Derýaýewa hormat münberine barýan ýolda dört ýeňiş gazandy. Ol birinji tutluşykda eýýäm 36-njy sekuntda Sarwinoz Abdusamadowany (Özbegistan) şeksiz ýeňdi, soňra ippon arkaly Hongorzul Ariunzorigden (Mongoliýa) üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa K.Derýaýewa Nargiza Dustmamatowadan (Özbegistan) ýeňildi, şondan soň teselli ýaryşynda Zarnigor Ulaşowadan (Özbegistan) ipponda üstün çykdy we bürünç medal ugrundaky göreşde Zlata Şwaýgerti (Gazagystan) ýeňdi.

Bu, zehinli ýaş türkmen dzýudoçysynyň halkara ýaryşda gazanan ilkinji üstünligidir. Käkilik Derýaýewa dzýudo bilen 2019-njy ýyldan bäri meşgullanýar. Ol sportuň bu olimpiýa görnüşiniň esaslaryny Batyr Annaýewden öwrenip başlapdy. Häzirki wagtda bolsa Gülbadam Babamyradowanyň we Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda tälim alýar.