Türkmenistanly tennisçi gyzlar şu ýyl Singapurda 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň (U12) arasynda geçirilýän tennis boýunça toparlaýyn Aziýa çempionatynda ilkinji gezek çykyş ederler. Ildeşlerimiz Özbegistanyň Fergana şäherinde geçirilen 12 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda şeýle ajaýyp üstünlige ýetdiler. Onda ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşmaga hukuk berýän iki orun ugrunda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň toparlary bäsleşdiler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.
Ýaryşda gyzlar toparymyza Näzli Hudaýgulyýewa, Sähra Garahanowa we Sülgün Işangulyýewa wekilçilik etdiler.
Birinji tapgyrda öz meýdançasynda oýnan Özbegistanyň ýygyndy toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, kümüş medal eýelemäge we Aziýa çempionatynyň final tapgyryna çykmaga golaý baran gyzlarymyz şeýle ýagdaýa sebäp boldular. Olara arzuwyň hasyl bolmagy üçin soňky tapgyrda Gyrgyzystanyň toparyny ýeňmek, Özbegistanyň toparynyň bolsa Gazagystanyň tennisçilerinden hökmany ýeňilmegi gerekdi.
Garaşylyşy ýaly, onda Gazagystanyň wekilleri özbegistanly garşydaşlaryny 2:1 hasabynda utup, altyn medal gazandylar. Diňe şondan soň bolsa ikinji ýeriň ykbalynyň toparymyzyň elindedigi belli boldy.
Türkmen tennisçileri oýna erjel girişdiler. Ýekelikdäki birinji duşuşykda Sähra Garahanowa Aliýa Mansurowany 6:0, 6:1 hasabynda ynamly utdy. Ýekelikdäki ikinji duşuşykda Näzli Hudaýgulyýewa Aida Abduwaliýewany 6:0, 6:0 hasabynda ýeňdi. Sülgün Işangulyýewa we Näzli Hudaýgulyýewa jübütlikde Aliýa Mansurowany we Aida Abduwaliýewany 6:1, 6:0 hasabynda ýeňdiler.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň tennisçi gyzlary ilkinji gezek kümüş medala eýe boldular we Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanyp, saýlama oýunlarda öňbaşçy hasaplanylan Özbegistanyň toparyndan öňe geçdiler.
Hatarynda Ýunus Annamyradow, Ýegenmämmet Nurýagdyýew we Erkin Altyýew çykyş eden Türkmenistanyň oglanlar topary hem bu ýaryşda baýraksyz galmady. Soňky tapgyrda Gyrgyzystanyň toparyny 3:0 hasabynda ýeňip, Mirali Gasanowyň topary bürünç medallara eýe boldy. Ilkinji iki ýeri degişlilikde gazagystanly we özbegistanly tennisçiler eýelediler.