Soňky habarlar

Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň baştutany: «Aşgabat ýaryşy ýaş küştçüler üçin hakyky baýrama öwrüldi»

Türkmen paýtagtynda guralan küşt boýunça halkara ýaryşy ýaş türgenler üçin hakyky baýrama öwrüldi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň baştutany, Leningrad oblastynyň «A-Gambit» küşt klubunyň başlygy Aleksandr Şkurihin aýtdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Aleksandr Şkurihin: «Aşgabat ýaryşy ýaş küştçüler üçin hakyky baýrama öwrüldi. Ajaýyp guramaçylygy, dartgynly oýunlar we ýatdan çykmajak dostluk hem-de adalatly oýun ruhy höküm sürdi – halkara ýaryşy hut şunuň ýaly hem bolmaly» – diýdi.

Оl russiýaly kärdeşlerinden 8, 10 we 12 ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabatda ilkinji halkara ýaryşyny guran guramaçylara hoşallyk hatyny gowşurdy. Onda şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kömek edýär diýilýär.

«Bu ajaýyp pikiriň däbe öwrülmegini isleýärin» – diýlip, Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Synçylyk geňeşiniň agzasy, Leningrad oblastynyň küşt sporty federasiýasynyň başlygy Maslýakowyň gol çeken hatynda aýdylýar.

Küşt boýunça halkara ýaryşyna 11 ýurtdan 129 küştçi gatnaşyp, olar üç günüň dowamynda çalt we blitz ýaryşlarynda üç ýaş toparynda 12 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler. Bäsleşikler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Aşgabadyň 500 oýunçy orunly ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilýär.