Ýer ýüzünde sport ýurdy diýlip ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara we dünýä möçberindäki iri ýaryşlary iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge ukyply döwletdigini ençeme ýola subut etdi. Eziz Diýarymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, «Amul – Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny we beýleki iri halkara ýaryşlary munuň aýdyň subutnamalary hökmünde görkezmek bolar. Türkmenistanyň sport babatda nusgalyk ösüşleri gazanýandygyna şol ýaryşlaryň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligi kemsiz göz ýetirdi. Bu ýaryşlar Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolup durýan döwletimiziň halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem saldamly goşant goşýandygynyň, sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirýändiginiň aýdyň beýany bolup dabaralandy.
Ýene sanlyja günden bolsa gözel Aşgabat küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşa gatnaşyjylary kabul eder. 15 – 19-njy iýun aralygynda geçiriljek bäsleşige 13 döwletden 130-dаn gowrak küştçiniň gatnaşmagyna garaşylýar. Paýtagtymyzyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde dowam etjek bu halkara ýaryş hem Türkmenistanyň sport ýurdudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
«Türkmen sporty» gazeti