Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

TFF FIFA bilen bilelikde Türkmenistanda futbol zehinlerini ýüze çykarmak boýunça maslahat gurady

Aşgabadyň «Köpetdag» stadionynda Halkara futbol assosiasiýalary federasiýasynyň (FIFA) futbol zehinlerini ýüze çykarmak boýunça meýilnamasynyň «FIFA Talent Identification Course» çäklerinde geçirilen maslahata ýurduň ähli sebitlerinden çagalar we ýetginjekler toparlarynyň tälimçileri ýygnandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

«RB Leipzig», «Queens Park Rangers» we «Tottenhem» ýaly klublarda işlemek tejribesi bolan iňlis hünärmeni Riçard Allen maslahatyň FIFA-dan instruktory boldy.

FIFA-nyň iňlis instruktory maslahata gatnaşyjylara üç günlük okuw wagtynda futbol zehinlerini gözlemegiň we olary ýüze çykarmagyň esaslaryny öwretdi. Maslahaty geçirmäge, şeýle hem FIFA-nyň sebit tehniki direktory Gruziýadan Gaýoz Darsadze we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) tehniki departamentiniň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow maslahaty geçirmekde kömek berdiler.