Soňky habarlar

Türkmenistanyň ýetginjekler futbol ýygyndysy U17 CAFA-2025 çempionatynda bürünç medala eýe boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary Daşkentde tamamlanan Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda 3-nji orun ugrundaky oýunda Gyrgyzystanyň toparyny ýeňip, bürünç medala eýe boldy.

Bäsleşige birinji tapgyrda iki topara bölünen 6 ýurtdan wekiller gatnaşdy.

Ilkinji oýunda owganystanly oglanlary 1:0 hasabynda ýeňip, Täjigistandaky deň-duşlaryndan 1:4 hasabynda ýeňlişe sezewar bolan türkmen futbolçylary «B» toparçada 3 utuk bilen ikinji orny eýeledi.

Bürünç medal ugrundaky bäsdeşi Gyrgyzystanyň topary hem «A» toparçada Özbegistandan 1:5 hasabynda utulyp, Eýranyň wekillerini 4:3 hasabynda ýeňip, 3 utuk bilen ikinji orny eýeledi.

3-nji orun üçin oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda deň tamamlandy. 11 metrlik urgular tapgyrynda bolsa Ahmet Allaberdiýewiň şägirtleri ony has şowly ýerine ýetirip, 7:6 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Azym Abaýew oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Dartgynly final oýunda meýdança eýeleri özbegistanly futbolçylary garaşylmaýan ýerden erjellik bilen 4:3 hasabynda utan Täjigistanyň ýygyndysy ýaryşda ýeňiş gazandy.

Bäşinji-altynjy orun ugrunda oýunda eýranly ýetginjekler owganystanly deň-duşlaryndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar.