Soňky habarlar

Türkmen tennisçisi Dubaýda geçen «TEN-PRO» ýaryşynda ýeňiji boldy

11 ýaşly türkmen tennisçisi Sülgün Işangulyýewa Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) geçen «TEN-PRO Global Junior Tour» halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Dubaýdaky «TEN-PRO Global Junior Tour» 2009 – 2017-nji ýyllar aralygynda doglan zehinli oglan-gyzlar üçin U10, U11, U12, U13, U14, U15 we U16 ýaşly aýry-aýry ýedi ýaş toparlarynda dünýäniň dürli künjeginden gelen zehinli oglan-gyzlar üçin geçirildi.

Sülgün Işangulyýewa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda iki topara bölünen, 2013-nji ýylda doglanlardan uly bolmadyk 11 gyzyň baş baýrak ugrunda bäsleşýän U11 toparynda ýeňiji boldy. Ol «B» toparçadaky ýaryşda alžirli Haýa Duadini 6:0, 6:0, BAE-den Antonina Troninany 6:3, 6:3, russiýaly Ýewa Petinowany 6:4, 6:2 we gazagystanly Kamila Bilalowany 6:1, 6:1 hasap bilen utup, ýeňiji boldy, finalda bolsa «A» toparçanyň ýeňijisi gruziýaly A.Beradzeden 6:2, 6:1 hasabynda üstün çykdy we çempionlyk kubogyndan başga-da baýrak hökmünde «FILA» markaly sport lybasyna-da mynasyp boldy.

Sülgün bu ýaryşlara «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tejribeli tälimçileriniň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň (14 ýaşa çenli) zenanlar milli ýygyndy toparynyň agzasy.