Soňky habarlar

Türkmenistanly türgenler IX gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Harbine geldiler

Türkmenistanly türgenler 7-14-nji fewral aralygynda Hytaýda geçiriljek IX gyşky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin, Pekiniň üsti bilen Aşgabatdan Harbine geldiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Gyşky Aziýa oýunlary Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine (AOG) agza ýurtlar üçin her dört ýylda bir gezek geçirilýän köp görnüşli sport çäresidir. Şunuň ýaly oýunlaryň ilkinjisi 1986-njy ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirildi. Şonda oňa 7 ýurtdan bary-ýogy 293 türgen gatnaşypdy.

Ýakynda Hytaýda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlarynyň görlüp-eşidilmedik derejede köp sanly – 34 ýurtdan 1275 (755 erkek we 520 zenan) türgenleriň bir ýere jemlemegine garaşylýar, olar ýaryşyň 11 görnüşi boýunça.

Döwlet tarapyndan sportuň ösmegine uly üns berilýän Türkmenistan gyşky Aziýa oýunlaryna ikinji gezek 37 adamdan, şol sanda 25 türgenden ybarat wekiliýet iberýär. Biziň türgenlerimiz sportuň üç görnüşi boýunça: buz üsti hokkeý, şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça ilkinji gezek çykyş ederler.

Gyşky Aziýa oýunlarynda Türkmenistandan ilkinji gezek Pena Ataýew şort-trek (gysga ýol) ýaryşlarynda çykyş eder. Ol 2015-nji ýylda Phýoňçhanede (Koreýa Respublikasy) geçirilen «Arzuw programmasy» bilim maksatnamasynyň çäginde 500 metr aralyga geçirilen halkara ýaşlar synag ýaryşynyň altyn medalçysydyr. Zenanlaryň arasynda bolsa ýekelikde figuralaýyn typmakda biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň iki gezek çempiony Larisa Wahitowa we 2019-njy ýylda Ýužno-Sahalinskde geçen «Aziýanyň çagalary» atly ilkinji gyşky halkara sport oýunlaryna, şeýle hem Türkiýede geçen «Bosfor Kubogyna» we BAE-de geçen halkara ýaryşa gatnaşan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aýna Ekäýewa çykyş eder.

Häzirki Aziadada Oýunlaryň açylmagyndan dört gün öň başlanjak hokkeý ýaryşyna 14 topar gatnaşar. Olar bäsleşigiň deslapky tapgyrynda üç topara bölünipdirler. Iň güýçli «A» toparda Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Koreýa Respublikasynyň, Taýlandyň we Hytaý Taýbeýiniň toparçalary çykyş ederler. «B» toparda Bahreýniň, Kuweýtiň, Gyrgyzystanyň we Singapuryň toparçalary, «C» toparda bolsa Gonkongyň (Hytaý), Hindistanyň, Makaonyň (Hytaý) we Türkmenistanyň toparçalary çykyş eder.

«B» we «C» toparlaryň ýeňijileri 7-nji ýerden kimiň we 8-nji ýerden kimiň çärýek finala çykjakdygyny ýüzbe-ýüz oýunda kesgitlärler. Bu toparlardaky galan toparçalar pleý-off oýunlarynda 9-njydan 14-njä çenli ýerler üçin bäsleşer.