Türkmen samboçylary Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen sambo boýunça 49-njy dünýä çempionatynda dürli derejeli alty medal eýelediler.
Gazagystanda geçirilen bu iri ýaryşa 80 ýurtdan 470 töweregi pälwan gatnaşdy, olar erkekleriň we zenanlaryň arasynda sport hem-de söweş sambosy, şeýle hem batyl erkekleriň arasynda SVI-1 derejede sambo boýunça 31 medal toplumy ugrunda bäsleşdiler.
Üç gün dowam eden ýaryşyň netijesi boýunça türkmen samboçylary 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
26 ýaşly sport ussady Muminjan Arzykulow iň ýokary baýraga mynasyp boldy. Ol 71 kilograma çenli agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşen 24 türgeniň arasynda söweş sambosynda dünýä çempiony boldy. Ol bu üstünlige barýan ýolda bäş ýeňiş gazandy. Birinji tapgyrda Muminjan 26 ýaşly türgen altyn medala uzan ýoldaky ilkinji tutluşygynda «Ýewropa-2024»-iň we Ýerewanda geçirilen «Dünýä Kubogy-2024»-iň ýeňijisi ukrainaly Andreý Kuçerenkony ýeňdi, Ol 1/8 finalda özbegistanly Şerbek Hujamkulowy 11:1, çärýek finalda 2022-nji ýyldaky Ýewropa çempiony we 2023-nji ýylda dünýä çempiony Stefan Župaruçi (Serbiýa) – 5:1 agyr ýeňlişe sezewar etdi.
Ýarym finalda Muminjan 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi gyrgyzystanly türgen Zamirbekulu Kurmanbeki 3:1 hasabynda ýeňdi we finalda Halkara Sambo federasiýasynyň adyndan çykyş eden russiýaly türgen Rolan Zinnatowy ynam bilen ýeňdi.
Muminjan Arzikulow 10 ýyldan gowrak wagt bäri sambo bilen meşgullanýar. Ondan öň sport sambosy bilen meşgullanyp, geçen ýyl Gyrgyzystanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanypdy. Gazagystanda geçirilen häzirki dünýä çempionatynda söweş sambosynda çykyş etdi we ilkinji synanyşygynda dünýä çempiony diýen ada eýe boldy. M.Arzikulow işjeň sport başarnyklaryny Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk obasyndaky 5-nji sport mekdebinde sambo tälimçisiniň işi bilen birleşdirýär.
Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Bägül Nuryýewa (söweş sambosy, 50 kilograma çenli agramda) we Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Dänew etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Sabina Agajanowa (söweş sambosy, 80 kilogramdan ýokary agramda) kümüş, Lebap welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabyndaky 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Kambar Umarow (sport sambosy, 71 kilograma çenli agramda) bürünç medala mynasyp boldular.
Ahal welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ak bugdaý etrabyndaky sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Zarina Abdurahmanowa (54 kilograma çenli agramda) we Türkmenistanyň Söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Gülzada Jorakulyýewa (72 kilograma çenli agramda) söweş sambosy boýunça tutluşyklarda bürünç medal eýelediler.
Indiki, sambo boýunça 50-nji dünýä çempionaty 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler. Astana şäherinde geçirilen FIAS-yň kongresinde döwlet wekilleri Aşgabat şäherini 2025-nji ýyldaky kongresiň geçiriljek ýeri hökmünde tassykladylar we Wasiliý Şestakowyň Halkara Sambo federasiýasynyň prezidenti hökmünde ygtyýarlyklaryny 2029-njy ýyla çenli uzaltmaga ses berdiler.
«Türkmen sporty» gazeti