20-nji sentýabrda Türkmenistanyň döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mejlisler zalynda «Talyplar sportunyň halkara güni: sport diplomatiýasy parahatçylygyň dialogydyr» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy amaly maslahaty Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew açyp, wideoaragatnaşyk arkaly ÝUNESKO-nyň Sport bölüminiň başlygy jenap Filip Müller-Wirte söz berdi. Hormatly myhman wideoaragatnaşykda «ÝUNESKO-nyň sport ulgamynda amala aşyrýan işleri» diýen ugur boýunça çykyş etdi. Çykyşdan soň, myhman professor-mugallymlardyr talyp ýaşlaryň sowallaryna jogap berdi.
Şeýle-de maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew «Arkadagly Gahryman Serdarymyz we milli Liderimiz bilen sport diplomatiýasy dabaralanýar» diýen ugur boýunça çykyş edip, soňky ýyllarda ýurdumyzda talyp sportuny ösdürmekde amala aşyrylan toplumlaýyn işler bilen tanyşdyrdy.
Soňra institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar çykyş edip, maslahatyň umumy mejlisine gatnaşanlaryň öňünde şu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzyň sport syýasatynda, şol sanda talyplar sportunda amala aşyrylýan giň gerimli ösüşler babatda durup geçdiler.
Soňra maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi.
Ylmy amaly maslahata, şeýle hem onuň ýapylyş dabarasyna gatnaşanlar sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli işlerinde hemişe üstünlik arzuw etdiler.
Durdygözel AMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň köpçülikleýin görnüşleri kafedrasynyň öwreniji mugallymy.