Soňky habarlar

Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy

Paýtagtymyzda badalga alan tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryşa Aşgabat, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan 113 türgen ýygnandy.

13 ýaşly 59 oglan we 54 gyz gatnaşýan bu ýaryş «Aşgabat» köpugurly stadionynyň tennis meýdançalarynda geçirilýär.

Ýekelikde, jübütlikde we garyşyk ugurlarda Kubok ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri kesgitlener.

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş ýylyň iň möhüm ýaryşlaryň biridir, onuň netijesi boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzümi kesgitlener.

Ýaryş 22-nji sentýabrda tamamlanar.

«Türkmen sporty» gazeti