Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmenistanly pälwan dünýä çempionatynyň altyn medalyny gazandy

Türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasyndaky (U-20) dünýä çempionatynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek çempion bolmagy başardy. Ildeşimiz bu taryhy üstünligi Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda gazanyldy.

Alp Arslan Begenjow tutuş möwsümiň dowamynda ajaýyp netijeleri görkezdi. Ýylyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky halkara ýaryşynda bürünç medal gazandy, soňra Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda (U-23) bürünç medala eýelik etdi. Şu ýylyň iýul aýynda Taýlandyň Si-Raçe şäherinde 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Ine, indi bolsa dünýä çempionatyny (U-20) altyn medal bilen tamamlady.

www.sportcom.gov.tm