Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Türkmen futzalçylarynyň Saud Arabystanynyň ýygyndy topary bilen geçirren duşuşygy deňlikde tamamlandy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň ýygyndysy üç ýoldaşlyk duşuşygyny geçirýär. Şolaryň ilkinjisinde Saud Arabystanynyň garşysyna geçirilen duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.

Şu günler dünýä çempionatyna taýýarlyk görýän Fransiýanyň milli ýygyndysy toparymyzyň indiki garşydaşy bolar. 9-njy sentýabrda bolsa türkmen ýygyndysynyň ýerli futzal toparlarynyň biri bilen duşuşmagyna garaşylýar.

«Türkmen sporty» gazeti