Soňky habarlar

«Arkadag» futbol klubunyň AFK Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

AFK Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsüminiň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçen bije çekişligiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň «Arkadag» toparyna Kuweýtiň «Al-Arabi» topary, Maldiwlerden «Maziýa sports änd rekrieýşn» we Gyrgyzystandan «Abdyş-Ata» topary garşydaş boldy.

Täze möwsüm Aziýada erkekler klubunyň ähmiýeti boýunça üçünji täzelenen ýaryşy üçin ilkinji möwsüm bolar. Oňa geografiýa taýdan 2 zolaga: Günbatar we Gündogar zolaga bölünen 18 topar gatnaşar.

«Arkadag» futbol topary we garşydaşlary «Günbatar» zolakda «B» topary döretdiler. Onuň oýunlary Kuweýtde merkezleşdirilen formatda geçiriler.

Galan toparlaryň düzümleri şeýle:

«Günbatar» zolak

«A» topar: «Ist Bengal» (Hindistan), «Nejmeh» (Liwan), «Başundhara Kiňs» (Bangladeş), «Paro» (Butan, topar eýesi).

«C» topar: «Al Ahli» (Bahreýn), «Al Futuwa» (Siriýa), «Al Sib» (Oman, topar eýesi), «Hilal Al Kuds» (Palestina).

«Gündogar» zolak

«D» topar: «Şaň Ýunaýted» (Mýanma, topar eýesi), «Taýnan siti» (Taýwan), «Ýaň elefents» (Laos).

«E» topar: «Madura Ýunaýted» (Indoneziýa), «Prea Han Riç Swaý Rieň» (Kamboja), «SP Falkons» (Mongoliýa, topar eýesi).

Toparlaryň oýunlary 26-njy oktýabr bilen 3-nji noýabr aralygynda üç oýun gününde merkezleşdirilen görnüşde geçiriler, onda her topar her garşydaşy bilen bir gezek duşuşar.

Toparlaýyn tapgyryň netijeleri boýunça, sekiz toparça: toparçalardan üç ýeňiji we Günbatar zolakda ikinji orunlary eýelänleriň iň ökdesi, şeýle hem Gündogar zolagyň her toparçasyndan iň gowy iki toparça çärýek finala çykar.

Pleý-off oýunlary myhmançylykda oýnalar. Çärýek final oýunlary 2025-nji ýylyň 5-nji martyndan 14-nji martyna çenli, ýarym final oýunlary 2025-nji ýylyň 9-njy aprelinden 18-nji apreline çenli bolar, final oýunlary bolsa 2025-nji ýylyň 10-njy maýyna meýilleşdirilipdir.

«Türkmen sporty» gazeti