Soňky habarlar

Halkara rallisinde türkmen toparlarynyň üstünlikleri

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşynda türkmen toparlarynyň ıkısı baýrakly orunlara mynasyp boldular.

13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşma gyn da 11 günläp geçi ri len ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometr menzili külterläp, Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde pellehana ýetdiler. Badalgasy Russiýada berlen halkara awtoralli ýaryşynyň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çylşyrymly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek.

Her bir güni gyzykly pursatlardyr garaşylmadyk ne tijelere baý bolan ýaryşyň T2 görnüşinde (ýolsuz ýerden ýöreýän ýeňil ulaglaryň ýaryşy) ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi – doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň görkezen umumy netijesi kümüş medal üçin ýeterlik bolan bolsa, Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedowdan ybarat topar bürünç medalyň eýesi boldy. Ildeşlerimizden Meýlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewden ybarat toparyň hem ilkinji bäşlige düşendigini bellemek gerek. Ýaryşyň bu görnüşinde baş baýragy russiýaly Andreý Suşenowdan we Aleksandr Şanowdan ybarat topar eýeledi.

Türkmenistanly toparlaryň ýaryşyň tapgyrlarynyň birnäçesinde we onuň çäklerinde geçirilen Russiýanyň çempionatynda öňdäki orunlary eýeländigini aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa türkmenistanly ralliçileriň barha tejribe toplap, halkara giňişlikde iň güýçli garşydaşlara öwrülýändigini görkezýär.

«Ýüpek ýoly» rallisine 2009-njy ýylda badalga berlendigini ýatladýarys. Geçen ýyllaryň dowamynda eýýäm 14-njisi tamamlanan halkara ýaryşyň ilkinji pellehanasy Aşgabat şäheri bolupdy. Şu gezekki ýaryş bolsa Russiýanyň we Mongoliýanyň çäklerinden geçdi. Has takygy, Tomsk şäherinde başlan ýaryş Ulan-Batorda tamamlandy.

 

«Türkmen sporty» gazeti.