Soňky habarlar

Türkmen küştçüleri meşhur grossmeýsteriň ýolbaşçylygynda Bütindünýä olimpiadasyna taýýarlanýarlar

Meşhur halkara grossmeýsteri Wasiliý Iwançuk sentýabr aýynda Budapeştde (Wengriýa) geçiriljek 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görmek üçin Türkiýäniň Antaliýa şäherinde türgenleşik ýygnanşygyny geçýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň okuw-türgenleşigine ýolbaşçylyk edýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Türgenleşik ýygnanşygyna ussat küştçüler gatnaşýarlar. Olaryň arasynda halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew, halkara ussady Saparmyrat Atabaýew, zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony Merýem Agajanowa, 2023-nji ýylyň çempiony, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Lala Şöhradowa, onuň uýasy Leýla Şöhradowa we beýlekiler bar.

Wasiliý Iwançuk dört gezek küşt olimpiadasynda, iki gezek SSSR-iň toparynyň hatarynda (1988, 1990) we iki gezek Ukrainanyň ýygyndysy bilen (2004, 2010) ýeňiji boldy, 2001-2002-nji ýyllarda FIDE dünýä çempionatynyň finalçysy, çalt oýnamakda (2016) boldy we blisde (2007) dünýäniň çempiony boldy, üç gezek (1991-nji ýylyň iýuly, 1992-nji ýylyň iýuly we 2007-nji ýylyň oktýabry) dünýä görkezijisinde ikinji orny eýeledi.

Wengriýanyň paýtagtyndaky küşt olimpiadasy 2024-nji ýylyň 11–22-nji sentýabry aralygynda geçiriler.