Şu gün ýurdumyzda, asylly däbe görä, Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýramy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasy Aşgabadyň özboluşly aýratynlyklarynyň biridir.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň üstünden geçýän ugur bilen ýola düşdüler.
Beden we ruhy taýdan sagdyn sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýelemek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaş türkmenistanlylary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Şeýlelikde, welosipedli ýöriş jemgyýetimiziň agzybirliginiň we jebisliginiň, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine we ynsanperwer gymmatlyklaryna ygrarlylygynyň ýene-de bir aýdyň beýany boldy.