Paýtagtymyzda 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi bilen başlandy.
Belläp geçsek, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda döredildi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň guran bäsleşigi Olimpiýa şäherçesiniň «Welotrek» sport toplumynda geçirildi.
2006–2010-njy ýyllarda doglan aşgabatly, welaýatlardan, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlamak mekdebinden we ýurdumyzyň beýleki guramalaryndan 50-den gowrak türgen 200 metr aralyga, şahsy wagt synagyna, şahsy yzarlamak 500 we 750 metr aralyga toparlaýyn sprint boýunça ýaryşdylar. Türkmenistan çempionatynda ýeňijiler we baýrakly orunlary alanlar gymmatly baýraklar bilen sylaglandy.
Ozal habar berlişi ýaly, 31-nji maý – 3-nji iýun aralygynda Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäklerinde ýurdumyzyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň gatnaşmagynda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Tejen – Aşgabat böleginiň ugry bilen uzynlygy 335 kilometr aralyga dört tapgyrdan ybarat welosipedli ýörişi geçirmek meýilleşdirilýär. 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guralar.