Biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, bu ýaryşlary geçirmäge-de mümkinçiligi bolan döwlet hasaplanýar. Düýn paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň kabul edilmegi-de munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.
Bu gün Türkmenistan halkara derejedäki ýaryşlary guramakda we geçirmekde baý tejribe toplady. Soňky ýyllarda ýurdumyz ençeme gezek iri sport ýaryşlaryny, şol sanda 2014-nji ýylda windsörfing boýunça dünýä Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlaryň tapgyryny, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny, tennis boýunça 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny kabul etdi. Şu ýylyň aprel aýynda bolsa Aşgabatda GDA döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň toparlarynyň gatnaşmagynda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip etdi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak başlangyjyny öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, bu oýunlar diňe bir GDA ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki ýurtlaryň hem türgenleriniň gatnaşmagy üçin açyk bolmalydyr. Şunda Türkmenistanyň ilkinji Dostluk oýunlaryny kabul etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.