Soňky habarlar

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

18.05.2024. Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Konstitusiýa binasyna we Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumymilli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň baş döwlet nyşanlary bolmak bilen, täze taryhy eýýamda Esasy Kanunymyz we ýaşyl Tugumyz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewiligini, jebisligini, parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewileşdirilýär, ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky konstitusion ýörelgäni amala aşyrýan syýasatymyzyň, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarymyzyň esasyny düzüp, mähriban halkymyza Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde egsilmez güýç-kuwwat berýär, jebisligimizi, agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar.

www.tdh.gov.tm