Soňky habarlar

Okuwçylar sporty saýlaýarlar

Sakarçäge etrap merkezindäki döwrebap sport binasynda geçirilen ýaryşda, adatça bolşy ýaly, zehinli türgen okuwçylar ýeňiji boldular. Olaryň arasynda etrabyň 5-nji orta mekdebiniň okuwçysy Didar Hojamyradow hem bar. Ol geçiren ähli duşuşyklarynda hem ýeňiş gazandy. Aýratyn-da, tutluşyk wagtynda Didaryň karate tilsimlerini owadan, dürs, sazlaşykly ýerine ýetirişi emin agzalarynyň ünsüni özüne çekdi.

Şonuň üçin hem oňa «Ýaryşyň iň gowy tehnikaly türgeni» diýen ýörite baýrak gowşuryldy. Ýeňiji bolan okuwçy türgeni ilki bilen tälimçisi Rejepmyrat Akmyradow, atasy Jumageldi aga, kakasy Hajymyrat Hojageldiýew we topardaş ýoldaşlary gutladylar.

Zähmet ýolunyň 40 ýyldan gowrak wagtyny mugallymçylyk kärine bagyş eden Jumageldi aga agtyklarynyň okuwda we sportda gazanýan netijelerine yzygiderli üns berýär. Gürrüňdeş bolan wagtymyzda, baýry mugallym agtygy Didaryň okaýan 5-nji orta mekdebinde okuwçylary sporta çekmekde uly işleriň alnyp barylýandygyny we bu babatda mekdep müdiri Kakageldi Muhammetgurbanowyň baý tejribesiniň bardygyny aýratyn nygtady. Şeýlelikde, Didar indi 4 ýyldan bäri kýokuşinkaý karate bilen meşgullanyp gelýär. Elbetde, ol şol ýyllar içinde kämilleşip, birnäçe gezek welaýat çempiony, iki gezek ýurt birinjiliginde ýeňiji bolmagy başardy. Çünki Didar zähmetsöýer we her bir türgenleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Tälimçisi Rejepmyrat Akmyradowyň öwredýän tilsimlerini üns bilen özleşdirýär hem-de boş wagtlary özbaşdak gaýtalamagy gowy görýär. Sport bilen meşgullanmagy onuň okuwda-da diňe ýokary bahalar bilen okamagyna ýardam edýär. Didaryň göreldesine eýerip, 5-nji orta mekdebinde sport bilen meşgullanyp başlan okuwçylar başga-da az däl. Ine, geçirilen şu ýaryşda hem olar dürli derejeli medallara mynasyp boldular.