«Senagatbank» topary Aşgabatda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň tamamlanan ilkinji dört tapgyrynyň netijelerinden soň öňe saýlandy.
Mergen Ataýewiň tälimçilik edýän topary degişlilikde «Migrasiýadan» – 2:1, «Turandan» – 6:3, TNGIZT – 1:0 hasabynda üstün çykdy. Dördünji tapgyrda bolsa Türkmenistanyň dört gezek çempiony «Deňizçini» ilkinji ýeňlişe sezewar etdi —3:1.
Dört tapgyrdan soň «Senagatbank» 12 utuk toplady. Ikinji orunda 9 utuk toplan «Deňizçi» bar. Ýurdumyzyň wise-çempiony «Köpetdag» 7 utuk bilen ilkinji üçlügi jemleýär.
Futzal toparlarynyň altysynyň Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda göreşýändigini ýatladýarys. Olaryň üçüsi – «Köpetdag», «Senagatbank» we «Migrasiýa» Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we TNGIZT Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine hem-de «Turan» – Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýärler.
Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň nobatdaky üç tapgyry 21 — 25-nji maý aralygynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler.
«Türkmen sporty» gazeti