Soňky habarlar

SEÝIS BILEN SÖHBET

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew atlara bolan belent sarpanyň, söýgi-buýsanjyň has ýokary derejelere göterilendigine biziň her birimiz şaýatdyrys. Ine, şeýle bagtyýar döwrüň ajaýyp günlerinde, has takygy «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň güýzki at çapyşyk möwsümine badalga berilmeginiň öňüsyrasynda ykbalyny bedew atlara bagyşlan adamlar bilen söhbetdeş bolmak has-da ýakymlydyr. Biziň bu günki söhbetdeşimiz, aýdylyşy ýaly, çagalygyndan durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirip bilmeýän balkanabatly seýis Muhy Rejebow.

– Muhy, atlara bolan söýgi, elbetde, sizde hem çagalykda dörändir-le?

– Heniz orta mekdebiň işiginden hem ätlemänkäm obamyzda toýlarda geçirilýän at çapyşyklaryna sypdyrman giderdim. Munuňam düýp sebäbi dädem Sapardurdy Rejebowyň seýis bolmagy. Ýadyma düşýär, ol 1990-njy ýylda Bereket etrabyndan Dordepel diýen aty getiripdi. Hojalygymyzda ilkinji ideden atymyz, ine, şol Dordepel boldy. Dordepelimiziň at çapyşyklarynda ençeme gezek ýeňiji bolan pursatlarynda begenişim, guş bolup uçaýjak bolşum şu günki ýaly ýadymda. Dädem atymyzy suwa ýakmaga, gezdirmäge gidende-de, at çapyşyklaryna ugranda-da, men hemişe diýen ýaly ýanyndadym. Onsoň bar ünsüm dädemiň at idedişinde, hereketlerinde bolardy. Boş wagt tapynsam, başga pişä üns bermän atlaryň ýanlaryna howlugardym. Bu ýagdaý şo-ol çagalyk ýyllarymdan başlap, şu günki güne çenli şeýle, şeýle günlerdenem aýyrmasyn Hudaýym.

– Çapyksuwar hökmünde näçe ýaşlaryňda ýaryşlara gatnaşyp başladyň? Elbetde, seýisçilikde-de halypaň dädeň bolandyr-la?

– 10 ýaşymdan başlap çapyksuwarlyk edip ugradym. Şol wagtlar öz hojalyk atlarymyz bilen çapyşyklara gatnaşyp, baýrakly orunlara ençeme sapar mynasyp bolupdym. Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirip gelenimden soňam seýisçilik edip başladym. Elbetde, bu ugurda-da çagalykdan kalbymda bedew atlara söýgi döreden dädem maňa halypaçylyk etdi.

– Çapyksuwar hökmünde ilkinji alan baýragyň ýadyňa düşýärmi?

– Esenguly etrabynyň Şahman obasynda bolan toýda Dordepel bilen ýeňiji bolupdym. Bu waka bolup geçende 1993-nji ýyldy. Ilkinji üstünlik bolsa näçe wagt geçse-de ýatdan çykmaýar.

– Atlary seýislemegiň usullary barada gürrüň beräýseň? Mysal üçin, iň uly at çapyşygyna taýýarlaýan atyňy seýisleýşiňi bilmek biziň üçin örän gyzykly!

– Men häzir mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iň uly at çapyşygyna balkanabatly Nurnyýaz Halapowyň Keýmirdon diýen bedewini seýisläp ýörün. Edil şol at çapyşygynyň geçiriljek gününiň 110 gün öňünden ähli taraplaýyn, doly derejede Keýmirdony taýýarlap ugradym. Munuň üçinem, gije ýatman diýen ýaly ýanynda bolmaly-da. Iýmini, otuny belli bir möçbere düzüp, azaltmaly. Witaminli iýmitleri iýdirmeli,

ýadatmaly däl. Şu wagt Keýmirdona günde iki wagtyna, ýagny ertirine we agşamsyna düýäň süýdüni içirýärin. Her gezekde-de 5 litr süýt berýärin, günde iki wagtyna towugyň elin ýumurtgasyny berýärin. Günde bir wagtyna ýuwýarys.

Elbetde, behişdi bedewlerimiziň çyn muşdagy we hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary hem atlar bilen iş salyşýan her bir adam üçin gymmatly gollanmalar, ýankitaplar bolup durýarlar. Özümizi gyzyklandyrýan sowallara hormatly Prezidentimiziň dürdäne kitaplaryndan kemsiz jogap tapýarys.

– Indi şu wagta çenli iň uly baýragyňyzy haýsy bedewler bilen haçan we nirede alandygyňy aýdaýsaň?

– Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen Balkan atçylyk sport toplumynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen at çapyşygynda 3000 metr aralyga guralan ýaryşda Nurnyýaz Halapowyň hojalyk aty bolan, meniň seýislän Näzli diýen bedewimiň hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna – 10 müň amerikan dollaryna mynasyp bolan güni meniň durmuşymdaky iň şatlykly günleriň naýbaşylarynyň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 4600 metr aralykda dört we ulyýaşar atlaryň arasynda guralan ýaryşda Nurnyýaz Halapowyň hojalygyna degişli Rowaç diýen gyr atymyzam birinji orny eýeläp, hormatly Prezidentimiziň baş baýragyna – 15 müň amerikan dollaryna mynasyp boldy. Hut şol çapyşykda balkanabatly Şanyýaz Halapowyň hojalygyna degişli meniň seýislän Garahal diýen bedewimiň pellehana üçünji bolup gelenligi üçinem meniň begenjimiň çägi bolmandy.

– Muhy, indi häzirki wagtda näçe aty seýisleýändigiň hakynda aýdaýsaň?

– Häzir ýaryşlara 9 sany aty taýynlaýaryn. Gujurly hem Altynaý diýen atlaryň neslinden bolan Keýmirdon atly üçýaşar dor atymyzy uly çapyşyklara taýýarlaýandygymy ýaňy gürrüň beripdim, elbetde, bu bedewimiz uly ýeňişleri getirer diýen tamamyzam uly. Şeýle-de, Nurnyýaz Halapowyň hojalygyna degişli Baýramgül diýen bedewem güýzki möwsümiň iň uly baýragy goýlan çapyşyga taýynlaýandygymam aýdaýyn.

– Bedewleriň ýeňiş gazanmaklarynda çapyksuwarlara uly orun degişlidigini öz durmuşyň esasynda bilýänsiň, şol esasdan, şägirtleriň bilenem tanyş edäýseň?

– Gahryman Arkadagymyzyň sargytlary esasynda ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmeklige, şol sanda ýetginjek çapyksuwarlara başarnyklaryny artdyrmaklyga ähli şert-mümkinçilikler döredildi. At çapyşyk möwsümlerinde her şenbe gününde ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda at çapyşyklarynyň geçirilmegem muňa aýdyň güwädir. Elbetde, şeýle tutumly başlangyçlara şahsy goşandymy goşmak seýis hökmünde meniňem

borjum bolup durýar. Häzirki wagtda esasy iki şägirdim bar. Olaryň biri Parahat Öwezow Garahal diýen dor at, Sapargeldi Dowlybaýew bolsa Rowaç diýen gyr at bilen at çapyşyklaryna gatnaşýarlar, azabym ýerine gowşup, olar ýeňiş gazanmagy-da başarýarlar.

«Ata kesbi – ogla halal» diýipdirler. Bedew atlara bolan söýgini meniň kalbyma dädem guýdy. Şol esasdan, seýis hökmünde bu söýgini ogullarymyň kalbyna guýmak meniňem borjum. 12 ýaşyndaky oglum Mejit bilen 11 ýaşly oglum Hamidiň meniň ýanymda bolup, behişdi bedewlerimiz bilen çyndan gyzyklanýandyklaryny görenimde, atalyk buýsanjy kalbyma dolýar. Olary ökde çapyksuwarlar edip ýetişdirmek baş arzuwlarymyň biri. Hut şu güýzki at çapyşyk möwsüminde öz hususy ikiýaşar atlarymy – Jygalybegi hem-de Gülparçany şenbe günleri geçirilýän ýaryşlara goşmak, olary-da ogullaryma çapdyrmak niýetim bar.

– Ýaryşlara gatnaşýan ýeriňiz, ýagny hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen Balkan atçylyk sport toplumynda döredilen şertler hakynda-da gürrüň beräýseň?

– At çapmakda, olary seýislemekde nusgalyk derejede ussat bolan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmek, türkmen seýisçilik sungatyny barha kämilleşdirmek, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredildi. 2011-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berlen Balkan atçylyk sport toplumy 3 müň janköýere niýetlenendir. Bu atçylyk sport toplumynda 4 athana bolup, olaryň her birinde 25 at saklamaga örän amatly şertler bar. Toplumda 20 orunlyk myhmanhana bolup, onda at çapyşygyna tomaşa etmäge gelen myhmanlaryň göwnejaý dynç almagy üçinem oňat şertler döredilen. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýelden ýyndam, gözelligi bilen älem-jahany haýran edýän bedew atlarymyza çäksiz hormatyndan, söýgi-buýsanjyndan nyşan. Seýisçilik sungatyny ösdürmeklige, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Arkadag Prezidentimize alkyşlarymyzdyr hoşallygymyz hiç haçan egsilmez.

– Muhy, beren gürrüňleriň üçin-ä sag bol, işiňde-durmuşyňda elmydama üstünlikler hemra bolsun, aýlawlara baranymyzda «Muhy seýsiň bedewi ozdy» diýen habarlaryň hemişe eşidilip durulmagyny arzuw edýäris!

– Köp-köp sag boluň!

Söhbetdeş bolan

Aşyrberdi GURBANOW.

Surata düşüren Andreý PAKUL