Soňky habarlar

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Mekdebiň girelgesindäki giň meýdançada ýerine ýetirilen köpçülikleýin maşklar röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş türgenleriň sagdynlyga ymtylyşyny görkezse, sportuň görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlarydyr beýleki çäreler dabaralaryň şowhunyny goşalandyrdy. Bu ýerde ýaşlar agyrlyk daşlaryny götermek boýunça bäsleşdiler. Tanap çekmek boýunça guralan ýaryşda mekdebiň toparlarynyň ýeňşe höwesi hem ynamy aýdyň şöhlelendi. Mekdebiň çäginde amala aşyrylan welosipedli ýörişler sport çäreleriniň toplumynyň iň gyzykly bölegini emele getirdi. Okuwçylarymyz bu ýörişe uly höwes bilen gatnaşdylar. Bu ýerde sportuň göreş görnüşleriniň hem ençemesi boýunça ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy.

Mekdebiň çäginde sportuň oýun görnüşleri boýunça çäreleriň hem ençemesi guraldy. Şolaryň hatarynda futbol, basketbol we woleýbol bäsleşiklerini bellemek bolar. Mundan başga-da, ýaşajyk türgenler açyk howada stol tennisi boýunça bäsleşdiler.

«Türkmen sporty».