Soňky habarlar

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Taslama laýyklykda, atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw howdanlaryny, tehniki binalary gurmak, dürli ölçegdäki monitorlary, döwrebap enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar.

Bulardan başga-da, ozaldan bar bolan athanalaryň, esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň, sport meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjydygyny nygtady.

Ýurdumyzda atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

www.turkmenistan.gov.tm