Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Ýaýdan ok atmak boýunça açyk birinjilik

 Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň guramagynda nusgawy ýaýdan ok atmak boýunça bu sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.

Açyk birinjilik Gyşky oýunlar sport toplumynyň sport zalynda guraldy. Ýaryşa Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň we 5-nji sport mekdebiniň türgenleri  gatnaşdy.

Tälimçi-mugallymlar Wepa Sähedowyň hem-de Ogulsuraý Kakyşowanyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, olaryň 4-si ýeňiji boldy. Ady agzalan hünärmenlerden tälim alan ýaşajyk ýaýçy türgenleriň 6-sy 2-nji, 6-sy hem 3-nji orny eýeledi.