Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Gylyçlaşmak boýunça ýaryşlara taýýarlyk

Şu günler sportuň gylyçlaşmak görnüşi boýunça milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri iri halkara ýaryşlara we okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşmak üçin iş saparlaryna taýýarlyk görýärler.

1 türgenden, 1 tälimçi-topar ýolbaşçysyndan ybarat toparymyz ilki 21 ― 23-nji fewral aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Haýdenhaým şäherinde geçiriljek dünýä Kubogyna, soňra 24-nji fewral ― 5-nji mart aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Haýdenhaým şäherinde geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna, şeýle-de 6 ― 10-njy mart aralygynda Wengriýa Respublikasynyň Budapeşt şäherinde geçiriljek «Gran-Pri» ýaryşyna gatnaşar.

Bu çärelere gatnaşmak üçin milli ýygyndy toparymyzyň türgenleri 20-nji fewral ― 11-nji mart aralygynda öňde agzalyp geçilen dostlukly ýurtlarda iş saparlarynda bolarlar.

 

Mamagül  JORAÝEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.