Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.
Küşt sportuny wagyz etmek hem-de ýaşlar ýygyndy toparlaryna mynasyp türgenleri saýlap almak maksady bilen geçirilen ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Küştüň adaty, rapid we blis görnüşleri boýunça şweýsar usulynda 9 tapgyrda guralan ýaryşa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Gazanylan utuklaryň jemlerine görä, her görnüş boýunça aýratyn ýeňijiler kesgitlenildi.
Şeýlelikde, oglanlaryň arasynda Amanmuhammet Hommadow, gyzlaryň arasynda Lala Şöhradowa altyn medala hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogyna mynasyp bolular.
Ýeňijilere dürli derejeli medallar, Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
«Türkmen sporty».