Soňky habarlar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy möwsümiň jemini jemledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi.

 Ses berlişigiň netijesinde «Ahal» toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew «Iň ökde oýunçy» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi. Çempionatyň dowamynda «Adalatly oýun görkezen topar» atly baýraga «Altyn Asyr» topary mynasyp boldy. 

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-siniň sanawy mälim edildi.

Birinji düzüm: Rasul Çaryýew («Arkadag») – derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de «Arkadag»), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Ahal») – goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi  «Arkadag»), Elman Tagaýew («Ahal») – ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew («Arkadag»), Wahyt Orazsähedow («Altyn asyr») –  hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Rahat Japarow ( «Ahal») – derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de «Arkadag»), Ata Geldiýew («Ahal»), Zafar Babajanow («Altyn Asyr») – goragçylar; Şanazar Tirkişow («Arkadag»), Magtymberdi Berenow («Nebitçi»), Yhlas Magtymow («Şagadam»), Ahmet Ataýew («Altyn asyr») – ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew («Arkadag»), Hojanazar Gurbanow (Aşgabat») – hüjümçiler.

 

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy.