27-nji dekabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda uly üstünliklere beslenip tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy açylyş dabarasynyň esasy pursatlarynyň biri bolup, onda gazanýan ähli üstünliklerimizde şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize buýsanýan, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlarymyzyň goşandynyň örän uludygy nygtalýar.
Köpugurly sergide ýaş nesillerimiziň ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda, döwlet hem-de hususy düzümlerde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Şol sanda şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň merdana türgenleriniň halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanan uly ýeňişlerem sergide öz aýdyň beýanyny tapdy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ýaşlar syýasaty baradaky çykyşlara giň orun berildi. Umumy mejlis tamamlanandan soňra, maslahatyň işi ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan ýörite bölümçeleriň 10-synda dowam etdi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar — kuwwatly ösüşiň berk binýady» atly bölümçe beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň möhüm ugurlaryna bagyşlanyp, onda saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda durmuşa geçirilen ägirt uly işler barada söhbet edildi. Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri buýsançly çykyşlaryň özenini düzdi. Sergi öz işini 30-njy dekabrda tamamlar.
«Türkmen sporty».