Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň kubogyny eýeledi

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ilkinji möwsüminde ikinji baýragyna mynasyp boldy. Futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda çempion bolan «Arkadag» topary finalda «Ahaly» 3:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň kubogyny eýeledi.

Final oýnunda «Arkadag» toparyna ýeňiş getiren gollary Abdy Bäşimow (29, 52) bilen Ilýa Tamurkin (68) öz atlaryna ýazdyrdylar. Şeýlelikde, «Arkadag» toparlaryň arasyndaky ýene bir bäsleşikde, ýagny Türkmenistanyň kubogynda ýeňiji boldy.

 

www.tff.com.tm