Soňky habarlar

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň tutluşyklarynyň birinji gününiň jemleri

27-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň tutluşyklarynyň birinji gününiň jemleri jemlenildi.

Erkekleriň arasynda 90 kilograma çenli, 100 kilograma çenli we 100 kilogramdan ýokary agram derejelerindäki türgenler, zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli, 52 kilograma çenli, 57 kilograma çenli, 63 kilograma çenli 70 kilograma çenli agram derejelerindäki türgenler güýç synanyşdylar.

Tutluşyklarda türkmenistanly türgen zenanlardan Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa öz agram derejelerinde altyn medalyň eýeleri boldular. Şeýle-de, zenanlardan Aýnur Amanowa, Aýşirin Haýdarowa, erkeklerden Sanjar Abdyrahmanow, diňe Özbegistan Respublikasyndan gelen garşydaşlaryndan ýeňilmek bilen, kümüş medallaryň üçüsine eýelik etdiler.

Başa-baş tutluşyklar tamam bolandan soň, bäsleşikleriň geçirilen ýeri bolan Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda ýeňijilere medallary, sertifikatlary we sowgatlary gowşuryş dabarasy guraldy.

 

Annamyrat HALMEDOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.