Soňky habarlar

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty 27. 11. 2023 ýyl.

Täjigistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň özara bäsleşigi

90 kilogram agram derejesinde meýdança çykan Täjigistandan gelen türgen Haknazar Nazarow bilen Gyrgyz Respublikasyndan gelen türgen Žamalbek Asylbek ogly uzak wagtlap tutluşdylar. Bäsleşikde ýeňiş gazanan Gyrgyz Respublikasyndan gelen Žamalbek Asylbek ogly ýarym finala çykmaga hukuk gazandy.

 

-100 kilogram agram derejesinde tutluşyk: Täjigistan we Gresiýa

100 kilograma çenli agram derejesinde Täjigistan Respublikasyndan gelen Firdaws Nasimow bilen Gresiýadan gelen Tentore Masmadinis özara güýç synanyşdylar. Tutluşykda Täjigistan Respublikasyndan gelen türgen Firdaws Nasimow ýeňiş gazandy.

 

Türkmen türgen zenany Dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandy

Final oýunlaryna çykmak üçin Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparyndan Aýşirin Haýdarowa bilen Hindistan Respublikasyndan Simran Simran özara tutluşdylar. Tutluşykda türkmenistanly türgen Aýşirin Haýdarowa ynamly ýeňiş gazandy. Milli türgenimiz ýarym finalda ýene-de indoneziýaly garşydaşy bilen meýdança çykar.

 

-100 kilogram agram derejesinde tutluşyk: Özbegistan Respublikasy bilen Yrak

Erkekleriň arasynda 100 kilograma çenli agram derejesinde Özbegistan Respublikasyndan gelen türgen Džamşid Mamadrahimow bilen Yrakdan gelen türgen Mudžtaba al-Rubaýeniň arasynda tutluşyk geçirildi. Bu tutluşykda özbegistanly pälwan ýeňiş gazandy.

 

Madina MAHMUDOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.