Soňky habarlar

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty 27. 11. 2023 ýyl.

Zenanlaryň arasynda -63 kilogram agram derejesinde:

Özbegistan bilen Hytaý Taýpeý

Zenanlaryň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde Özbegistan Respublikasyndan gelen Muhlisahon Kadirbergenowa bilen Hytaý Taýpeýden gelen Wan Tin Li özara bäsleşdiler. Bäsleşik Hytaý Taýpeýden gelen türgen Wan Tin Liniň peýdasyna tamamlandy.

 

Moldowa arassa ýeňiş gazandy

Zenanlaryň arasynda 52 kilogram agram derejesinde ýarym finala çykmak üçin Moldowa Respublikasyndan gelen Wera Zori bilen Hindistandan gelen Pudža Malik özara tutluşdylar. Tutluşykda moldowaly türgen ynamly ýeňiş gazandy.

 

Ýarym final üçin göreş: Türkmenistan bilen Hindistan

Erkekler toparynyň arasynda ýarym finala çykmak üçin Türkmenistandan Sanjar Abdyrahmanow bilen Hindistan Respublikasyndan Ýaş Kumar Çauhan özara tutluşdylar. Bu tutluşykda ýeňiş türkmenistanly türgeniň paýyna düşdi.

 

Arzuw ŞAÝYMOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.