Soňky habarlar

Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty 27. 11. 2023 ýyl.

Wýetnam bilen Gyrgyz Respublikasy: +57 kilogram agramda

+57 kilogram agramda ýarym finala çykmak üçin wýetnamly Nguen Ti Biç Hgoç bilen Gyrgyz Respublikasyndan Begal Beşanaly gyzy özara tutluşdylar. Tutluşyk wýetnamly türgeniň peýdasyna tamamlandy.

 

Kongo Demokratik Respublikasy bilen Gaiti

Zenanlaryň arasynda 57 kilogram agram derejesinde ýarym finala çykmak üçin Kongo Demokratik Respublikasyndan Lauretta Muisi Filippe bilen Gaitiden Edlenne Mondelly özara duşuşdylar. Kongo Demokratik Respublikasyndan gelen Lauretta Muisi Filippe ynamly ýeňiş gazandy.

 

Absolýut agram derejesinde tutluşyk" Gyrgyz Respublikasy

we Täjigistan

Erkekleriň arasynda absolýut (+100 kilogram) agram derejesinde Gyrgyz Respublikasyndan Bekpolot Toktogonow bilen Täjigistan Respublikasyndan Hurşed Madžidowyň arasynda tutluşyk geçirildi. Onda täjigistanly türgen ýeňiş gazandy.  

 

Agabaý AKMYRADOW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.