Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda halkara seminar geçirildi. Oňa Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga gelen tälimçiler we eminler gatnaşdy.
Seminarda oýunlara baha bermegiň halkara standartlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-deб söweşlerde türgenler üçin gadagan edilen hereketlere aýratyn üns berildi. Degişli wideolaryň görkezilmegi seminaryň netijeliligini ýokarlandyrdy.
Seminaryň dowamynda tälimçiler we eminler özara pikir alyşdylar.