Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň öňüsyrasynda bu çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördüler.
Bu ýerde muzeý işgärleri daşary ýurtly tälimçileri we türgenleri arheologiki tapyndylar, milli gymmatlyklar we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar.
2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylar muzeýde bolmak bilen türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy hakynda täsirli gürrüňleri diňlediler, bu babatdaky bilimlerini baýlaşdyrdylar.