Soňky habarlar

Arkadag şäheriniň sport desgalary — deňsiz-taýsyz maddy-enjamlaýyn binýat

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna giňden taýýarlyk görülýär. Şeýle möhüm halkara sport çäresiniň öňüsyrasynda biz Çempionata gatnaşýan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gülşat Annaýewa bilen gysga wagtlyk gürrüňdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

― Men paýtagtymyzda geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna gatnaşyp, döwletimiziň sport abraýyny goramaga ynam edildim. Men bu ynamyň ähmiýetine örän çuňňur düşünmek bilen, öz ukyp-başarnyklarymyň üstünde üznüksiz işleýän. Biziň türgenleşik işlerimiz ýokary depginlerde alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik ylhamynyň miwesi bolan Arkadag şäherimiziň sport desgalary bu ugurda deňsiz-taýsyz maddy-enjamlaýyn binýat bolup hyzmat edýär.

Meniň ilkinji tälimçim Şirin Kubaýewa. Häzirki Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynda hem men talapkär halypamyň tälimçilik etmeginde çykyş etmeli. Häzire çenli 2020-nji ýylda Kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 63 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 1-nji orny, 2022-nji ýylda Kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 57 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 1-nji orny we 2023-nji ýylda Kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 57 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orny eýeledim. Ýene-de özüm üçin iň bir ýakymly bolan ýagdaýy aýdyp geçesim gelýär. Ol meniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport fakultetiniň talyby bolanlygym. Bu uly ynam meniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, ähli halkymyzyň öňünde jogapkärçilik duýgymy has-da artdyrýar.

Taýýarlyk döwründe oňa gatnaşjak türgenler bolan biziň ähli taraplaýyn aladalar bilen gurşalyp alynmagymyz, ähli zerur şertler bilen üpjün edilmegimiz biziň ýeňiş gazanmaga bolan ynanjymyzy has-da berkitdi. Ýakynda geçirilen saýlama oýunlarda şowly çykyş etmegimiz öňde boljak Dünýä çempionatynda hem ýeňişli orunlara çykjakdygymyza ynamymyzy artdyrdy. Biz özümiz barada hemme taraplaýyn aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy, talyp deň-duşlarymyzy, professor-mugallymlarymyzy Çempionatda üstünlikli çykyş edip, döwletimiziň ýaşyl Tuguny belentde parlatjakdygymyza ynandyrýaryn.

 

Gürrüňdeş bolan Mährigözel SUWHANOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.