Aşgabat şäherinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» ady bilen geçirilýän Uniwersiada badalga berildi. Sport ýaryşlarynyň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirilip, oňa Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda zehinli gimnastikaçylar, samboçylar, suwda ýüzüjiler, küştçiler we tennisçiler myhmanlara özleriniň çeýeligini, başarjaňlygyny we gujuryny görkezdiler. Uniwersiadanyň maksatnamasyna sportuň jemi 22 görnüşi girizilipdir.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň aýdym-saz we tans toparynyň çykyşy baýramçylyga bezeg berdi.
Milli Uniwersiada her ýyl geçirilip, Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Bilim ministrligi onuň guramaçysy bolup çykyş edýär. Sport ýaryşlarynyň baş maksady okuwçylaryň arasynda bedenterbiýe we sporty wagyz etmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini we watançylyk söýgüsini ýokarlandyrmakdan, şeýle-de zehinli türgenleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.